JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” toparynyň türgenleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerden Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde şäheriň köpugurly stadionyna geldi. Döwrebap stadionda “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri türgenleşik geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen sportunyň belende galmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrman tagalla edýän futbolçylaryň türgenleşiklerini synlady.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda binýat bolan täze şäheriň futbol topary 2023-nji ýylda döredilip, ilkinji ýyldan üstünlikli çykyş etdi. Şeýlelikde, “Arkadag” futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda ýurdumyzyň Kubogyna eýe boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri futbolçylaryň umumy ýagdaýy, olaryň maddy üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, döwletimiziň türkmen sportunyň mundan beýläk-de ösmegi, şol sanda futbolyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi hem-de bu toparyň Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanmagynyň ähmiýetli waka öwrülendigini aýtdy.

Futbolçylar Arkadag şäherinde göwnejaý ýaşamak, dynç almak, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, munuň üçin hormatly Prezidentimize we Türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Türgenler türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagy ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda türkmen futbolyny halkara derejä çykarmak babatda hemmetaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi we futbolçylaryň öňde boljak ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary