JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, olarda ulanylýan gurluşyk materiallary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri guruljak binalaryň, şeýle hem dürli bezeg materiallary hem-de ýagtylandyryş ulgamynyň taslamalary we çyzgylary bilen tanyşdy. Hödürlenen taslamalaryň hatarynda – Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähi, ýagtylandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we oturgyçlaryň görnüşleri, Döwlet muzeýiniň taslamasy, onuň içerki bezeginiň çyzgylary, metjidiň taslamasy, Arkadag şäheriniň Obasenagat toplumynyň dolandyryş binasy, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamalary bar.

Şeýle hem täze şäherdäki dörediljek lukmançylyk-ykdysady klasteriň nyşanynyň görnüşleri görkezildi. Görkezilen taslamalary we çyzgylary synlanan türkmen halkynyň Milli Lideri olara birnäçe düzedişler girizdi, gurluşygyň öňdebaryjy tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçy düzümi bilen Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň taslamalary we beýleki möhüm taslamalar boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy