Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň sanjym önümleriniň önümçiligine niýetlenen kärhananyň, baş metjidiň girelgesiniň taslamalary, “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak, Janly tebigatyň milli muzeýine çenli teklip edilýän täze ýoly gurmak boýunça, şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar. Arkadag şäheriniň çäklerinde, dürli maksatly binalaryň aralarynda we ýol ýakalarynda ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň, dürli gülleriň görnüşleri-de görkezildi.
Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Milli sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hassalaryň maglumatlaryny dolandyrýan merkeziniň şekil taslamalary, onda ýerine ýetiriljek işleriň ähmiýeti barada hasabat berildi. Bu bolsa beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümlerine hem häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara degişli birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Lukman Arkadagymyz durmuş we önümçilik maksatly binalaryň, aýratyn-da, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem täze şäheriň metjidiniň girelgesiniň bezeg işlerinde, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda degişli ugurlara mahsus bezeg, gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalardyr desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmalydygyna ünsi çekdi, şeýle-de täze şäherde oturdylmagy meýilleşdirilýän bag nahallarynyň, dürli gülleriň görnüşleri boýunça öz maslahatlaryny berdi.