JEMGYÝET

Türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä ibermegiň eksport ugurlaryny kämilleşdirmek meselesi boldy.

Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň wekiliýeti tebigy gazyň iberilýän ugurlaryny giňeltmek we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyklaryny bellediler. Munuň özi türkmen “mawy” ýangyjynyň türk hem-de dünýä bazaryna durnukly ibermäge giň mümkinçilikler döreder.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda bilelikdäki taslamalary netijeli durmuşa geçirmek hem-de energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda iki ýurduň döwlet kompaniýalarynyň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Mundan ozal hem, Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda birnäçe gezek saparda bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary