SPORT

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

Gyrgyzystanyň çempiony “Bars” topary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Teýmur Çaryýew bilen düzümini güýçlendirdi. Ýurduň Yssyk-Köl sebitiň «Bars» futbol kluby Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görüp, düzümüni güýçlendirmegini dowam etdirýär.

Gyrgyz metbugatynyň  habar bermegine görä, klub Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşandygyny resmi taýdan mälim etdi.

25 ýaşly türkmen futbolçy geçen möwsümde Belarusyň «Torpedo-BelAZ» klubunda çykyş edipdi.

Şondan ozal bolsa, ol iki ýyl Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynda «Abdyş-Ata» klubunda çykyş edip, iki gezek ýurduň çempiony boldy.

«Bars» geçen möwsümde Gyrgyzystanyň çempiony boldy we tomusda AFK-nyň Çagyryş ligasynda ilkinji gezek çykyş edip biler.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi