BILIM

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna täze binalar toplumy gurlar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň, Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri şeýle-de institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm saýty habar berýär. 

Mälim bolşy ýaly, bilim edarasynyň täze binalar toplumyny gurmak baradaky pikiri Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürdi. 2022-nji ýylyň iýun aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy institutyň täze binasyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Bu ugurda ilkinji ädimler ädildi. Ýokary okuw mekdebiniň täze binalarynyň taslamasy we baş meýilnamasy taýýar diýip, resmi neşir habar berýär.

Taslama okuw işlerini, ylmy gözlegleri guramak, şeýle-de talyplaryň gündelik durmuşyny rahat geçirmek we medeniýetli dynç almak üçin zerur bolan ähli amatlyklary öz içine alýar. Taslamanyň çäklerinde baş binadan başga-da, 6 sany okuw binasy, döwrebap mejlisler zaly, 4 sany umumy ýaşaýyş jaýy, sport zaly, açyk sport meýdançalary, 500 orunlyk naharhana, ýapyk awtoulag duralgasyny gurmak meýilleşdirilýär. Institutyň binalar toplumynyň 26 gektardan gowrak meýdana barabar bolmagyna garaşylýar.

Mugallymlar we talyplar geljekki binalar toplumynyň teklip edilýän taslamasyna ýokary baha berdiler.

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri