BILIM

Türkmen döwlet maliýe instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ug­ry:

1.Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hü­när­ler: ma­li­ýe; pul do­la­ny­şy­gy we karz; sal­gyt­lar we sal­gyt sal­mak; bank işi we ma­li­ýe; äti­ýaç­lan­dyryş işi; bir­ža işi; buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit; ma­li­ýe gö­zeg­çi­li­gi; yk­dy­sa­dy in­for­ma­ti­ka; ma­li­ýe me­nej­men­ti).

Ba­ka­lawr­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ug­ry:

1.Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (taý­ýar­lygyň ug­ry: hal­ka­ra ma­li­ýe).

Ins­ti­tu­ta Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýatla­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­leşik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Ins­ti­tut­da okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp bar­lar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zylan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­rada­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we derman se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, harby bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tassyk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­mybi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li resmi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bildir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tabşyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de harby gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­hadat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tykmaç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş kagyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek ins­ti­tut­da (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­lerde ge­çi­ril­ýär:

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 22-23-i, 26-sy we 28-i gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 24-25-i, 27-si we 29-y gün­le­ri.

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 30-31-i, awgust aýy­nyň 2-si we 3-i gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 1-i, 2-si we 3-i gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 4-5-i, 7-si we 8-i gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 6-sy, 7-si we 8-i gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler we taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry bo­ýun­ça ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, geog­ra­fi­ýa ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nista­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­lary­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­linde dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagtda sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­medik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan geçip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— ma­li­ýe hü­när­le­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bolma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., (1987) Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Ata­my­rat Ny­ýa­zow şa­ýo­ly, 112, tel.: 49-61-99, 49-88-52.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar