SIZDEN GELENLER

Türkmen bedewine bagyşlanan sergi açyldy

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 22-ine Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekilendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Atym bar-ganatym bar” atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy.

Sergi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de erkin suratkeşleriniň gatnaşmaklarynda gurnaldy.

Sergide suratkeşlerleriň 125-den gowrak işleri görkezilip, olardan nakgaş, heýkeltaraş, grafika ýaly sungat eserleri hem bar. Bu sungat eserlerinde bagtyýar döwrümiziň waspy, ýelden ýyndam ahalteke atlarymyzyň çeper keşbi şahyrana wasp edilen bolsa, türkmeniň şöhratly taryhyndan söz açýan täsin suratlar gadymyýetden şu güne nazar salýar.

“Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda özboluşly gözelligi bilen älem-jahany haýrana goýýan bedewlerimiziň waspyny ýetirýän sergi-myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Sergi 10 gün dowam edýär.

Bägül Kakalyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri