MEDENIÝET

Türkmen bagşylary halkara festiwalda 1-nji orny eýeledi

2025-nji ýylyň 26-28-nji apreli aralygynda Özbegistanyň gadymy Hywa şäherinde bagşyçylyk sungaty boýunça IV halkara festiwaly geçirildi. Oňa dünýäniň 40 döwletinden 200-e golaý bagşylar gatnaşdy.

2019-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu halkara festiwalyň maksady bagşyçylyk sungatyny tutuş dünýäde giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň sungatyň bu ugruna bolan gyzyklanmasyny artdyrmakga gönükdirilendir.

Mundan başga-da, bu festiwal şol bir wagtda dünýä döwletleriniň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge-de uly goşant goşýar.

Özbegistanyň dürli sebitlerinde guralýan bu festiwala üstümizdäki ýylda-da Türkmenistanyň bagşylar topary gatnaşdy. Olar türkmen bagşyçýylyk sungatyna ýokary derejede wekilçilik edip, halkara festiwalda birinji orny eýelemegi başardy.

Halkara festiwalyň baş baýragyna Azerbaýjanyň “Aşyklar” topary mynasyp boldy. 1-nji orny Türkmenistanyň topary bilen Özbegistanyň bagşysy Muýassar Žumatowa eýelän bolsa, 2-nji orny Özbegistandan Ysmonžon Abdullaýew we Gazagystandan Kensulu Turikpen, 3-njy orny Özbegistandan Ziýodillo ahmedow, Russiýadan Aksiniýa Stepanowa we Mongoliýadan Ikhagwasuren Lkhamragça eýeledi.

Festiwalda baýrakly orny eýelän toparlara we bagşylara pul baýraglary we degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi