DÜNÝÄ

Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň hem-de Hytaýyň ýurdumyzdaky ilçileri bilen duşuşyklary geçirildi.

TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler.

Şeýle hem diplomatlar, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän, her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň gün tertibi bilen bagly pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns bermek bilen, taraplar 2022-nji ýylda nobatdaky Türkmen-Amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

***

“MERKEZI AZIÝA – HYTAÝ” SAMMITINIŇ NETIJELERI

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda görkezilen Forumyň barşynda Döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan anyk meselelere seredip geçdiler.

 

Nebitgaz pudagyna 234 million manatdan gowrak serişde goýberiler

 

Ýene-de okaň

Ýens Stoltenberg maliýe ministri boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen YHG-niň mejlisine gatnaşdy

“Gremmi” baýragy: Beýonse we Kendrik Lamar üstünligi

Merkezi Aziýanyň Konsultatiw duşuşygynyň utgaşdyryjylarynyň duşuşygy

Özbegistanyň Prezidenti Malaýziýada saparda bolar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar