BILIM

Türkmen alymlary Stambuldaky halkara maslahata gatnaşar

Türkmenistanly alymlaryň Stambul şäherinde geçiriljek «VI halkara arap dilindäki kitaplar we medeniýet günleri» dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu dabara Türkiýäniň Ýazyjylar birleşmesiniň Stambul şahamçasy tarapyndan ýurduň Hökümetiniň ýardam bermeginde geçiriler.

Däbe öwrülen dabaranyň altynjysy

Türkiýede däbe öwrülen bu dabara şu ýyl altynjy gezek geçirilýär. Şu ýylky dabaralar üçin 3 ― 7-nji noýabr aralygy saýlanyp alyndy.

Altynjy halkara maslahatyň baş mowzugy «Mawerannahrdan Anadola akan tasawwuf çeşmesi» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, dabaralaryň çäginde gadymy arap dilli edebiýatyň Merkezi Aziýadan Anadola çenli barýan akymy yzarlanylar. Dabaralaryň çäklerinde çykyşlary diňlemek, özara pikir alyşmalary we sergi guramak ýaly çäreler geçiriler. Olara gatnaşanlara gymmatly kitaplar hem sowgat berler.

Pikir alyşmalaryň halkara merkezi

Türkmenistanly alymlar bu ylmy maslahata ozal hem gatnaşypdylar. Biziň ildeşlerimizden başga-da, maslahata Türkiýäniň, Siriýanyň, Saud Arabystanynyň, Yragyň, Liwanyň, Iordaniýanyň, Müsüriň, Tunisiň, Sudanyň, Kataryň, Kuweýtiň, Özbegistanyň we başga-da köp sanly döwletleriň wekilleri gatnaşar.

Ylmy maslahat şu ýyl onlaýn tertipde geçiriler. Şunda, esasan, «Zoom» we «YouTube» platformalaryndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

3-nji tapgyryň iki duşuşygy geçirildi

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri