DÜNÝÄ

Türkmen alabaýlary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Hindistan Respublikasynyň Nýu Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada ÝUNESKO-nyň Baş direktory Khaled Ahmed El-Enany, şeýle hem Hindistan  Respublikasynyň Daşary işler we Medeniýet ministrleri çykyş etdiler.

Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky konwensiýasyna agza bolan 181 döwletiň we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri, şeýle hem  Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan Konwensiýanyň çägindäki dürli sanawlaryna girizmek maksady bilen agza döwletler tarapyndan hödürlenen jemi 66 sany hödürnama seredilmegine garaşylýar. Olardan 54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, 11-si gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna, 1-i maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça iň gowy tejribeleriň sanawyna girizilmäge hödürlenendir.

Olaryň arasynda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnama seredilmegi meýilleşdirilýär.

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni miras boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisi şu ýylyň 13-nji dekabryna çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar