Şu gün Türkiýe Respublikasynda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka – ýerli saýlawlar geçirilýär. Ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryň saýlawlary üçin ses bermek işi başlady. Türkiýäniň Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, mukaddes Oraza aýy mynasybetli ses bermek düzgünlerine käbir üýtgetmeler girizildi, ol hem 81 welaýatyň 31-ine degişlidir.
Türkiýe Respublikasynda şäherleriň we munisipalitetleriň häkimleri we beýleki ýerli dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary saýlanar. Şonuň üçin geçirilýän saýlawlara 61,4 million saýlawçy hasaba alyndy.
Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, saýlawlardaky jemgyýetçilik tertip-düzgüni üpjün etmek üçin 600 müň hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, şeýle hem meýletinçiler işe ugrukdyryldy.
Bilermenler, esasy bäsleşigiň Stambul bilen Ankara şäherinde bolmagyna garaşylýar. Bu iri şäherlerde ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ýolbaşçylygyndaky Adalat we ösüş partiýasy bilen döwletiň iň baýry partiýasy Jemhuryýet partiýasynyň dalaşgärleriniň arasynda bolmagyna garaşylýar.

Türkiýede 1946-njy ýylda köppartiýaly ulgama geçilmegi bilen yzygiderli ýagdaýda ählumumy saýlawlar geçirilip gelinýär. Türkiýe Respublikasy saýlawçylaryň saýlawlara gatnaşygy boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza döwletleriň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. Bu ugurda 2023-nji ýylyň 14-nji maýyndaky prezident we parlament saýlawlaryň görkezijisi hem mysal bolup biler. Şonda 14-nji maýdaky saýlawçylaryň gatnaşygy 88,92 göterim, 28-nji maýdaky ikinji tapgyrdaky saýlawlawda 85,72 göterime deň boldy.
Şeýle hem Türkiýe Respublikasy ýerli saýlawlarda saýlawçylaryň gatnaşygy boýunça ABŞ, Fransiýa, Germaniýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan öňe saýlandy. Mundan başga-da, Türkiýe bu ugurda Şwesiýa, Daniýa, Täze Zelandiýa, Islandiýa, Niderlandlar we Norwegiýa ýaly ýurtlardan hem öňdedir. Bu ýurtlarda saýlawlara gatnaşygyň 80 göterim töwereginde bolýandygy bellenilýär.
