JEMGYÝET

Türkiýede uçarman hünäri boýunça okuwlara kabul edilşik geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap-seçmek arkaly, Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara kabul edişlik yglan edýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda hem habar berilýär. 

Dalaşgärleri saýlap almagyň tertibi:

Okuwyň möhleti 4 ýyl.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde şu ýylyň 15-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

Nädogry berlen maglumatlar we resmi-iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary

Giriş synaglary iňlis dili (iňlis dilinde gepleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.

Giriş synaglary şu ýylyň 21-nji iýuly — 10-njy awgusty aralygynda Aşgabat şäherinde, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada üçtaraplaýyn (awiakompaniýa, talyp we zamunçy) şertnama baglaşylýar. Şertnama laýyklykda, talyp ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, işe başlandan soň, okan hünäri boýunça awiakompaniýada 10 ýyl işläp bermäge borçlanýar. Okuw üçin tölegler awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar. Okuwdan daşary (wizany resmileşdirmek, saglyk ätiýaçlandyryş, günlük iýmit, kommunikasiýa, şeýle hem okuw döwründe ýol harajatlary) çykdajylar dalaşgäriň hasabynadyr.

Resminamalar şu salgy boýunça kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Telefon belgileri: 23-47-88, 23-02-61.

Halkara resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň hem-de daşary ýurda gidýänleriň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi möhümdir. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ruandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ruandanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Talyp-2025: dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary kabul edilýän ýerleri

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

“Çelşi” topary klublar boýunça dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Awazadaky BMG-niň forumy 7 sany esasy ugurda geçiriler