DÜNÝÄ

Türkiýede täze adalat ministri wezipä bellendi

Türkiýe Respublikasynyň adalat ministri Abdulhamit Gül wezipesini meýletin tabşyrdy. Onuň bu wezipeden meýletin tabşyrmak baradaky teklibi ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi.

Ýurduň Prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Konstitusion toparynyň başlygy we Ýozgat welaýaty boýunça deputat Bekir Bozdag adalat ministri wezipesine bellendi.

Türkiýe Respublikasynyň Konstitusiýasynyň 104-nji we 106-njy maddalaryna laýyklykda, adalat ministrini wezipä bellemek hakynda kararlar kabul edildi.

Abdulhamit Gül 2017-nji ýylyň 19-njy iýulynda adalat ministri wezipesine bellenilipdi.

Täze ministr Bekir Bozdag ozal hem adalat ministri wezipesini ýerine ýetirdi. Ol ýurduň 61-nji hökümetinde wise-premýer, 61-nji, 62-nji, 64-nji we 65-nji hökümetiň düzüminde adalat ministri, 65-nji hökümetiň düzüminde wise-premýer we hökümetiň metbugat sekretary wezipelerini amala aşyrdy. Ministr wezipesine bellenmezden ozal bolsa, Konstitusion toparyň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirdi.

 

29-njy ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar