SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede Oraza aýynda 2 hepdelik çäklendirme

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Oraza aýynyň ilkinji 2 hepdesinde käbir çäklendirmeleriň durmuşa geçiriljekdigini mälim etdi. Bu barada türk metbugaty habar berýär.
Prezident Ärdogan 2 hepdäniň dowamynda öňegidişlikler ýüze çykman halatynda çäklendirmeleriň has-da güýçlendiriljekdigini belledi.
Iki hepdelik döwürdäki çäklendirmeler şulardan ybarat:
* Hepdäniň dowamynda agşam sagat 19:00-dan tä irden sagat 05:00-a çenli köçä çykmak çäklendirilýär.
* Köçe çykmak çäklendirmesi wagty zerurçylyk ýüze çykan ýagdaýlardan başga şäherara gatnawlara rugsat berilmeýär.
* 65 ýaşdan ýokary hem-de 18 ýaşdan kiçileriň köpçülikleýin şäher ulaglaryndan peýdalanmagy täzeden çäklendirilýär.
*8-12-nji synplarda okaýan okuwçylar hem-de mekdebe çenli çagalar bagyna gatnaýan çagalardan başga synplarda okuw onlaýn tertibinde dowam eder.
*Jemgyýetçilik edaralarynda iş sagadynyň 16:00-da tamamlanar.
* Göwreliler, dowamly keseli bolan hem-de 10 ýaşdan kiçi çagasy bolan zenanlar iş rugsadynda bolarlar.
* Kafeler, çaý içilýän ýerler, sport zallary we şuňa meňzeş hyzmat ediş ýerleri Oraza baýramynyň ahyryna çenli ýapyk bolar.
* Myhmançylyk ýerlerinde hem-de öýlerde köpçülikleýin agzaçar sadaklaryna hem-de şuňa meňzeş çärelere rugsat berilmeýär.
* Naharhana hem-de beýleki garbanyşhanalar Oraza aýynda diňe kesgitlenen sagatlarda öýlere nahar hyzmatyny amala aşyrar.
* Myhmanhanalr öz müşderileri bilen çäklendirilen görnüşde hyzmat berer.
* Toý, nika, dolandyryjylaryň ýygnaklary we mejlisler bilen bir hatarda ýapyk ýerlerde geçirilýän çäreler Oraza baýramynyň ahyryna çenli yza süýşürildi.
Prezident Ärdogan bu çäklendirmeler babatda ýurduň Içeri işler ministrliginiň habar berjekdigini belläp, çäklendirmeleriň 14.04.2021-nji ýylyň agşamdan başlajakdygyny mälim etdi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/hyubert-hamfri-adyndaky-talyp-haky-maksatnamasyna/

Ýene-de okaň

Özbegistan Germaniýa hünär kämilleşdirmek üçin 800 şepagat uýasy iberer

Türkmenistanyň awiasiýasy hünärmenleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylar

BSGG maýmyn mama keseline garşy ilkinji waksinany tassyklady

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda şäherara awtobuslaryň petegini onlaýn satyn almak hyzmaty kämilleşdirildi

“Skytaxi” kompaniýasynyň ýük uçary Türkmenistana ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Türkiýäniň syýahatçylyk meýilnamasy: 60 million syýahatçy