“Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasyna resminama kabul edişlik 10-nji ýanwarda başlaýar. Birnäçe gün mundan ozal bu barada habary okyjylarymyza we tomaşaçylarymyza ýetiripdik. Şol habarda “Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasynyň ýakynda başlajakdygyny belläp geçipdik. Resmi https://www.turkiyeburslari.gov.tr/ web saýtyndaky maglumatlara görä, resminama kabul edişlik 10-njy ýanwarda başlaýar we 20-nji fewralda tamamlanýar.
Resminamalar https://www.turkiyeburslari.gov.tr web saýtynyň üsti bilen tabşyrylýar.
Ädim ädim :
- Ilki ýokaryda bellenen web saýtdan özüňe hasap aç
- Haýsy uniwersitetde we bölümde okamak isleýänligiňi görkez
- Ähli resminamalary we maglumatlary dogry we doly girizilip girizilmänligini gözden geçir.
- Liderlik tejribeleriňi we başarnyklaryny sistemde görkez
- Essaý ýazmagy unutma!
Haýsy ýaşdaky kandidatlar ýüz tutup bilýär?
- Bakalawr üçin 21 ýaşdan kiçi bolmaly
- Magistr üçin 30 ýaşdan kiçi bolmaly
- Doktorantura üçin 35 ýaşdan kiçi bolmaly
- Ylmy iş talyp haky üçin 50 ýaşdan kiçi bolmaly
Eýsem bu maksatnamanyň näme aýratynlygy bar:
- SIzi uniwersitete we okajak bölümiňize ýerleşdirer.
- Okuw töleglerini tölär
- Siziň umumy ýaşaýyş jaý çykdajylaryňyzy tölär
- Türkiýä gidip-gelmek üçin 1 gezeklik halkara uçar biletiňizi alyp berer
- Saglyk ätiýaçlyk üçin çykdajylaryňyzy tölär
- Bakalawr üçin 4500 Lira, magistr üçin 6500 lira we doktorantura üçin 9000 lira stipendiýa berler.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron pçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
