SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede ilkinji maýmyn mama keseli ýüze çykaryldy

Türkiýe Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koca maýmyn mama keseli boýunça ilkinji ýagdaýynyň hasaba alnandygyny mälim etdi. Şeýle hem ministr hassanyň izolýasiýa edilendigini belläp geçdi.

Koronawirus pandemiýasyndan soň ýüze çykan maýmyn mama wirusy Türkiýede hem ýüze çykdy. Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja geçen aýdan bäri, 49 ýurda ýaýran maýmyn mama keseli barada beýannama berdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja “Twitter” jemgyýetçilik torunda beren beýanatynda 37 ýaşly hassada maýmyn mama keseliniň ýüze çykandygyny belledi.

Immun ulgamy pes bolan näsagyň izolirlenendigini mälim eden Koja: “Başga ýagdaý ýüze çykmady. Mälim bolşy ýaly, bu kesel dem alyş ýoly bilen däl-de, ýakyn fiziki aragatnaşyk arkaly ýokaşýar” -diýip belledi.

Maýmyn mama keseli Merkezi we Günbatar Afrikanyň käbir ýerlerine endemiki wirusdyr. Maýmyn mamasy howpsuz görnüşi hökmünde bellidir.

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň habar bermegine görä, wirus ilkinji gezek 1958-nji ýylda gözleg üçin saklanýan maýmynlaryň arasynda ýüze çykan wirusdyr.

Maýmyn mama wirusy ýokaşan adam bilen ýakyn aragatnaşyk arkaly ýokaşyp biler. Wirus bedene açyk ýaralar, dem alyş ýollary, göz, burun ýa-da agyz arkaly girip biler.

 

 

Dünýäniň iň gaharly ýurtlary

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri