SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede 7 waksina taýýarlanylýar

Koronowirus pandemiýasyna garşy Türkiýede waksinalaryň 7-si synagdan geçirilýär. Olaryň ählisi türk alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanan waksinalardyr.

Häzir bu waksinalaryň käbiri adamlarda synaglary geçirip başlady. Ýurduň senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank bu synaglara meýletin gatnaşanlaryň biri boldy. Waksinany kabul eden ministr onuň saglygyna hiç hili ters täsiriniň bolmandygyny aýtdy.

Has takygy, ol «Faz-1» waksinasyny aldy. Bu sanjym türk teleýaýlymlary tarapyndan göni ýaýlymda hem görkezildi. Waksinany kabul eden ministr watandaşlaryny maý aýynda hem geçiriljek meýletin synag ediş çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

«Elimde iňňäniň gözi ýaly deşik peýda boldy diýmeseň, waksina saglygyma asla zyýanly täsir etmedi. Lukmanlaryň gözegçiligi bilen synag işlerini üstünlikli tamamladyk» diýip, ol synaglaryň geçirilişi barada gürrüň berdi.

Türkiýede işlenip taýýarlanylýan waksinalar koronowirusyň mutasiýasyna garşy hem täsir eder. Maý aýynda boljak nobatdaky synaglara meýletinçileriň 256-synyň gatnaşmagyna garaşylýar.

BMG-den Türkmenistana hoş habar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar