Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň 26.10.2024-nji senesindäki resmi web sahypasynda ýerleşdirilen bildirişe laýyklykda, raýatlarymyzyň biometrik maglumatly pasportlary (zagran pasport) diňe 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýandygy bellenilip geçilýär.
“Instagram”, “TikTok” we beýleki platformalarda Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik maglumatly pasportlarynyň (zagran pasport) 2025-nji ýyla çenli uzaltmanyň dowam edýändigi we uly möçberde töleg edilse, ýardam edip biljekdikleri barada şahslar (araçylar) hem-de “Danişmanlik” şereketler tarapyndan hakykata şeýle hem kanunçylyga gabat gelmeýän ýalan-ýaşryk reklamalar ýaýradylýar.
Eziz watandaşlar! Üns berseňiz, delillik üçin size görkezip biljek resminamalary 1 (bir) ýyl möhlet bilen berlen “Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama” bolup biler. Bu şahadatnama raýatlaryň biometrik maglumatly pasportlarynyň (zagran pasport) möhleti bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýratyn ünsüňizi çekýäris!
Çünki, “Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama” adyndan belli bolşy ýaly, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik maglumatly pasportlary (zagran pasport) ýitirilen, ogurlanan, möhleti geçen ýa-da ulanyşa ýaramly bolmadyk halatynda (çip döwülen), şeýle-de daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlaryndan dünýä inen çagalara diňe öz döwletine dolanyp barmak maksady bilen bir gezeklik ulanylýan resminama.
“Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama” Türkiýe Respublikasynyň hiç bir edaralary tarapyndan biometrik maglumatly pasportyň (zagran pasport) deregine kabul edilmeýär we şol şahadatnama esasynda şahsyýetnama (kimlik), ýaşamaga rugsatnama (ikamet izni), işlemäne rugsatnama (çalışma izni) we başga rugsatnamalar berilmeýär!
Şeýle hem, hormatly watandaşlar, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy we Stambul şäherindäki Baş konsullygy raýatlara gönüden-göni konsullyk hyzmatlaryny üpjün edip, Türkiýäniň çäginde iş alyp barýan wiza hem-de beýleki şereketler bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaýar.
Şol sebäpli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Stambul şäherindäki Baş konsullygynyň adyndan çykyş edip, töleg esasynda siziň resminama işleriňize ýardam berip biljekdiklerini aýdýan adamlara ynanmaň we aldawyna düşmäň! Olara duş gelseňiz gönüden-göni Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasyna habar beriň.