SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe wizalary : syýahatçylyk wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy

Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä gitmek islese, wiza talap edilýändigini hasaba alyp, wiza üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýene-de okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

“Gatewaý” şereketiniň web saýtyndaky maglumatlary hasaba alyp, Size birnaçe wiza görnüşlerinden iň möhümi bolup durýan “Syýahatçylyk” wizasy üçin gerekli maglumatlary ýetirýäris. Indiki habarlarymyzda bolsa, söwda wizasy, saglyk wizasy, talyp wizasy, maşgala bileleşigi wizasy, medeni-seminar-sport wizasy we beýleki wizalar boýunça gerekli maglumatlary aýratyn habar görnüşinde ýetireris.

ZERUR BOLAN RESMINAMALARYŇ SANAWY:

  1. Türkiýä giren gününden başlap azyndan 6 aý möhleti bolan daşary ýurt pasporty (zagran) we nusgasy
  2. Pasport nusgalary (içerki pasportyň 1,3,5,9 ve 32-nji sahypalary)
  3. Bar bolsa öň alynan Türkiýe, Şengen, Angliýa, ABŞ wiza fotokopiýalary
  4. Türkmenistan raýatlary daşyndaky, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary üçin Türkmenistanda ýaşamak üçin rugsatnamasy (oturum belgesi)
  5. 2 sany biometriki surat 5×6 (arkasy ak fon, azyndan soňky 6 aýyň içinde düşülen bolmaly)
  6. Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 kepilnamasy (Bu biziň ofisimizde ediler. Daşarda edilen ätiýaçlandyryşlar kabul edilmeýär.)
  7. Ýüz tutyjynyň ady ýazylan Myhmanhana brony ýa-da ýaşaýyş maglumatlary
  8. Bar bolsa, soňky 3 aýda bank hasaby barada hasabat (gol we möhürli)
  9. Eger işleýän bolsa; Iş ýerinden wezipesi, aýyk haklary we iş möhleti görkezilen ýazmaça gol we möhürli asyl tassyklama haty we türk dilindäki terjimesi
  10. Ýüz tutyjy iş beriji bolsa, kompaniýanyň eýesidigini görkezýän resminama
  11. Ýüz tutyjy pensiýa çykan bolsa, pensiýa çykandygyny tassyklaýan resminama we türk dilindäki terjimesi
  12. Ýüz tutyjy talyp bolsa, talypdygyny subut edýän talyp şahadatnamasy
  13. Ýüz tutyjy işlemeýän halatynda hemaýatkäriň şertnamasy (notarius tarpyndan taýýarlanan) we girdejisini görkezýän resminama (Ikisiniň hem türk diline terjimeleri)
  14. Resminamalary tabşyrýan kişi 18 ýaşdan kiçi bolsa ejesinden hem-de kakasyndan notarius tarapyndan tassyklanan razylyk haty we türkçe terjimesi (aýrylşylan ýagdaýynda-da eje-kakanyň ikisinden hem notarus tarapyndan tassyklanan razylyk haty alynmaly)
  15. Dogluş hakyndaky şahadatnamasy
  16. Öýlenen(durmuşa çykan) bolsa nika şahadatnamasy
  17. Goşmaça resminamalar; Bar bolsa, Türkmenistanda ýaşaýyş jaý kepilnamasy, Türkiýeden ýaşaýyş jaý kepilnamasy, bank hasabaty, gutardyş şahadatnamasy, ulag ygtyýarnamasy, bar bolsa, öňki TR ýaşaýyş rugsatnamasy (ikamet belgesi)
  18. Razylyk haty

Bellik: Wiza, Türkiýeden arzaňyz tassyklanandan soň berlip bilner. Seljerme wagtynyň takmynan bir aý alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Berlen resminamalar täze möhletli we hemmesi doly bolmaly. Türk wizasy üçin ýüz tutanyňyzda tabşyrylan resminama ýetmezligi, wiza prosedurasynyň ret edilmegine sebäp bolup biler. Türkiýäniň ilçihanasy / konsullygy, zerur bolsa arza berijiden goşmaça resmi namalary talap eder.
Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza çykjagyny kepillendirmeýär. Tölegiň yzyna gaýtarylmagy hiç hili ýagdaýda mümkin däl. Ähli blankalar we resminamalar her bir adam üçin (maşgala agzalary ýa-da islendik başga topary) aýratyn taýýarlanylmaly we tabşyrylmaly.

MAHABAT

Türkiýä wiza üçin resminamalaryň terjimesinde “Makul Hyzmat” Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Telefon belgileri:

+993 63 78 96 73 / +993 12 96 48 55

e-poçta salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Web: www.makulhyzmat.com

Poçta salgysy: Aşgabat şäheri Ankara köçesi (Aýtakow-Ýubileýni) A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 401

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy