DÜNÝÄ

Türkiýe Türkmenistan bilen bilelikde Transhazar geçelgesiniň ösdürilmegini çagyrdy

Türkiýe bilen Türkmenistan Azerbaýjanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn hem-de üçtaraplaýyn derejede Transhazar geçelgesiniň çäginde multimodal ulagyň ösdürilmegi boýunça tagallalary çaltlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok metbugat ýygnagynda aýtdy.

«Men ulag ulgamyndaky gün tertibimize degişli käbir meseleleriň üstünde durmak isleýärin. Mälim bolşy ýaly, Transhazar ulag geçelgesi (Orta geçelge) howpsuz we amaly ugur hökmünde tapawutlanýar. Soňky döwürde ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň bu geçelgä bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belleýäris», – diýip diplomat aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Türkmenistan türk harytlarynyň Merkezi Aziýa bazarlaryna iberilmegi üçin möhüm ugur bolup durýar, Türkiýe bolsa Türkmenistan üçin Ýewropa ugrunda ulag ulgamynda möhüm orny eýeleýär.

«Şu çäkde biz “Orta geçelgäniň” netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, multimodal ulagyň ösdürilmegi boýunça ikitaraplaýyn we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn derejede alnyp barylýan tagallalaryň, şeýle-de amallary ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek boýunça çäreleriň has-da güýçlendirilmelidigini hasaplaýarys», – diýip Demirok nygtady.

Ilçi Türkmenistanyň ulag we logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berdi. Şeýle-de diplomat Türkiýäniň Hazar deňzinde ulag we deňiz infrastrukturasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde türkmen hyzmatdaşlary bilen hemişe hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ylmy hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türk kompaniýalary Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi