DÜNÝÄ

Türkiýe Russiýadan satyn alýan gazyny rublda tölär

Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Şol gepleşiklerde Türkiýä iberilýän rus gazynyň 25 göterimini rublda tölemek babatda ozal gazanylan ylalaşygyň ýakyn wagtda durmuşa geçirilip başlanjakdygy bellenildi. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin habar berdi.

– Bilşiňiz ýaly, ýakyn wagtda Türkiýä iberilýän rus gazynyň 25 göterimini rublda tölemek babatda gazanylan ylalaşyk durmuşa geçiriler. Bu ugurdaky işler gazanylan ylalaşyklar esasynda hereket eder – diýip, Wladimir Putin belledi.

Şeýle hem Putin Türkiýä iberilýän tebigy gazy ähli ugurlar boýunça artdyrmaga taýýardyklaryny belläp geçdi.

Gepleşiklerde rus-türk söwda dolanyşygynyň yzygidelri ýagdaý artýandygy, Russiýanyň energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlary boýunça Türkiýäniň iň ygtybarly ugurlaryň biri bolup galýandygy bellenildi. Tebigy gaz we beýleki energiýa serişdeleri diňe bir Türkiýäniň islegini kanagatlandyrman, eýsem Ýewropa Bileleşigine hem iberilýär.

Putin Russiýanyň Türkiýäniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ykdysady aragatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly baha berýändigini belläp, Türkiýäniň bu sebitiň bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi