SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe Hytaýdan koronawirus sanjymyny aldy

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan Hytaýdan sargyt edilen täze görnüşli koronawirus sanjymynyň ilkinji tapgyry ýurda getirildi. Ilkinji 3 millionlyk doza Ankara getirilip, Saglyk baş müdirliginiň sanjym we derman ammaryna ýerleşdirildi.

Hytaýdan “Türk Howa Ýollary” kompaniýasynyň uçary bilen getirilen sanjymlar barada özüniň jemgyýetçilik torundan beýanat beren Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja sanjymlaryň Ankaradaky Esenboga howa menziline gelendigini belledi.

Ol Türkiýäniň Derman we lukmançylyk enjamlary edarasynda 14 gün dowam etjek synaglara gyssagly girişiljekdigini belläp, synaglardan soňra sanjym etmek işini Saglyk baş müdirliginiň utgaşdyrmagynda alnyp baryljakdygyny aýtdy. Türk ministri bilelikde bu ýokanjy hem ýeňip geçjekdiklerini mälim etdi.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar