SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Türkiýe – häzirki wagtda gepleşikler geçirmek üçin amatly bolan halkara ülňülere laýyk gelýän merkezleri, geografik taýdan amatly ýerleşişi we myhmansöýerligi bilen mejlisleriñ, ylmy maslahatlaryñ şeýle hem sergileriñ (MICE) guralmagy boýunça özüni global lider hökmünde görkezdi. Stambulda soňky iki onýyllygyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli giñ gerimli çäreler onuñ halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy. Döwrebap kongres merkezleri, birinji derejeli hyzmaty hödürleýän myhmanhanalary we şäheriñ ösdürilmegini maksat edinýän innowasion taslamalary bilen Türkiýe bu ugurdaky öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmaga dowam edýär.

Stambuly  bütindünýä kongres meýdançasy derejesine çykarmak üçin täze hyzmatdaşlyk ugurlary

Stambul- döwlet şeýle hem hususy pudaklaryň arasynda alyp barýan hyzmatdaşlygy bilen dünýäniň öňdebaryjy kongres merkezleriň biri hökmünde eýeleýän ornuny berkitmek ugrunda  ynamly ädimler ädýär.

Munuñ bilen baglylykda, tender prosesini añsatlaşdyrmak, wekilleriñ gatnaşygyny ýokarlandyrmak we halkara kongresler boýunça hemmetaraplaýyn goldaw bukjalaryny işläp taýýarlamak üçin türk mejlisler we çäreler pudagyndan esasy gyzyklanma bildirýän taraplary bir ýere jemlemek arkaly täze strategiki hyzmatdaşlyga badalga berildi.

Şunlukda, Türkiýäniñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Syýahatçylygy mahabatlandyryş we özgerdiş Agentligi (TGA), Stambul şäher häkimligi, Stambul Söwda Palatasy, Stambul Kongresler we myhmanlar edarasy (ICVB), Turkish Airlines-howa ýollary, Pegasus – howa ýollary, Türkiýe Myhmanhanalar birleşigi (TUROB) şeýle hem Stambulyñ iki sany uly howa menzilleri bolan İGA Stambul howa menzili we Sabiha Gökçen howa menzili (SAW) bu başlangyja ýolbaşçylyk edýärler.

Ýokarda bellenip geçilen edaralaryñ birleşen tagallalary bilen Stambul, kongres syýahatçylygynda toplumlaýyn çemeleşmäni ýola goýýar. Bu bolsa kongresiň paýtagty hasaplanýan Stambul üçin täze eýýamyň başlangyjy bolup durýar.

Näme üçin Stambul?

Dünýäniň iň köp syýahat edilýän şäherleriniň arasynda mynasyp orna eýe bolan Stambul – asyrlar boýy häkimiýetiň, ylymyñ şeýle hem söwdanyň merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, siwilizasiýalaryň integrasiýasyýasyny we ösüş ýoluny kesgitlemegi başardy. Iki yklymy birleşdirýän bu şäher häzirki wagtda işewürlik, ylym-bilim,  tehnologiýa we medeniýet ulgamlarynda uly ösüşlere eýe bolan durnukly ekosistemany hödürlemek bien, halkara kongresleriñ we çäreleriñ merkezi hökmünde öňdebaryjylygyny dowam etdirýär. Ýokary derejeli maslahataryñ geçirilmegi üçin şäherde bina edilen ýörite kongres merkezleri, bäş ýyldyzly kaşañ myhmanhanalary we añsatlyk bilen baryp bilmek mümkinçiligi ýaly aýratynlyklary ony giñ gerimli çäreleriñ geçirilýän mekanyna öwürýär.

 

Iki halkara howa menzilleri bolan  – İGA Stambul howa menzili bilen Sabiha Gökçen howa menzillerine amala aşyrylýan 560-dan gowrak göni howa gatnawlary arkaly Stambul, dünýäniň ähli künjeginden wekilleriñ şähere bökdençsiz gelmegini üpjün edýär. Bu bolsa halkara çärelere gatnaşygy ýeñilleşdirýär.

 

Stambulyñ 60-dan gowrak uniwersitetleri, öňdebaryjy ylmy-barlag edaralary we dünýä belli alymlary şäheriñ at-owazasyny dünýä ýaýýar.

Ýylda 18 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçylaryñ gelýän şäheri bolan Stambul telekeçiligi, innowasiýalary şeýle hem ylmy açyşlary goldaýan eko sistemasy, senagat pudagyndaky öñdebaryjy tejribesi, dünýä belli lukmançylyk edaralary we hassahanalary ony bu ugurda ylmy maslahatlaryñ geçirilýän we tejribeleriñ alyşylýan merkezine öwürýär.

Antalýa- ylmy maslahatlaryñ we sergileriñ mekany

Ýylyñ aglabasy güneşli, ýagny 300 güni güneşli howa eýe bolan Turkish Rivieranyñ kalby hasaplanýan Antalýa, dünýäniň iň ähmiýetli çäreleriniñ geçirilýän mekanydyr. Antalýa şeýle hem 300-den gowrak bäş ýyldyzly myhmanhanalary we 175 müñ adamlyk mejlis zallary bilen meşhurdyr. Bu ýerde «G20» Sammiti ýaly ýokary derejeli çäreleriñ geçirilen bolmagy munuñ aýdyñ subutnamasydyr.

 

Bodrum-kaşañlygyñ paýtagty

Kenarýaka şypahanalary, iňňän ajaýyp desgalary we kaşaň durmuş ýörelgesi bilen tanalýan Bodrum täsin syýahatçylyk başdan geçirmeleri halaýanlar üçin meşhur ýerdir. Bu ýere Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlaryndan amala aşyrylýan göni howa gatnawlary, MICHELIN-iñ aşpezlik boýunça gollanmasynda görkezilen ajaýyp tagamlary, Mawy baýdakly kenarlary, döwrebap söwda merkezleri we mawy arassa suwlary bilen Bodrum gelenleri özüne bendi edýär. Bodrum mundan başga-da, «American Express Travel» neşiri tarapyndan 2024-nji ýylda syýahat etmegi maslahat berilýän sanawyna girizildi.

Izmir-Egeý deňziniň işewürlik we durmuş merkezi

Izmir şäheri-Türkiýäniñ durmuş derejesi iň ýokary bolan şäherleriñ biri hökmünde tanalýar. Ol häzirki zaman infrastrukturasy bilen baý taryhyñ şeýle hem lezzetli tagamlaryñ sazlaşykly utgaşmasyny hödürleýär. Şunuñ bilen baglylykda, Izmir giñ gerimli çäreleriñ guralmagy üçin örän örän jaýdar ýerleriñ biridir. «Lonely Planet» tarapyndan 2024-nji ýylyñ syýahat etmek baradaky tertipnamasynda mynasyp orna eýe bolmagy, UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Pergamon we Efes şäherleri, meşhur ýerli çakyr önümçiligi we ajaýyp kenarýaka şäherleri munuň şeýledigini doly subut edýär.

 

Kapadokiýa- ýatdan çykmajak syýahata çagyrýar

Ajaýyp peýzažlary, gowak myhmanhanalary, baý taryhy, ýerasty şäherleri we gaz arkaly uçurylýan şar (balon) gezelençleri sebitiñ meşhurlygyny barha artdyrýar. Bu bolsa ony aňrybaşy duşuşyklaryñ we çäreleriñ geçirilýän ýerine öwürýär.

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri