BIZNES

Türkiýe Gara deňizdäki tebigy gazy ulanyp başlaýar

Türkiýe Respublikasynyň energetika pudagyndaky möhüm taslamalarynyň biri bolan Gara deňizdäki tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek işinde uly netijeler gazanyldy. Gara deňziň kenarynda gurlan Filýos tebigy gazy gaýtadan işleýän desga ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Prezident Rejep Taýyp Ärdogan her aý ortaça 25 kubmetre deň bolan tebigy gazyň bir ýyl boýunça raýatlara mugt beriljekdigini belledi. Bu hem her bir hojalykda aşhana we gyzgyn suw zerurlyklary üçin gerek bolan tebigy gaza deňdir.

Gury ýerde 8 müň, deňiz ýalpaklarynda 2 müňden gowrak energetikleriň işiniň netijesinde ilkinji tapgyrda 10 million kubmetr tebigy gaz öndüriler.

Türkiýäniň Gara deňizdäki tebigy gaz gory 710 milliard kubmetre deňdir. Sakarýa gaz ýatagyndan ilkinji tapgyrda 10 million kubmetr, täze guýular bilen onuň kuwwatyny 40 million kubmetre ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gaz ýataklary doly kuwwatyna çykan halatynda, Türkiýäniň tebigy gaz zerurlyklarynyň 30 göterimi bu ýerden üpjün ediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň iň iri gaz üpjünçisi bolmagynda galýar

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi