SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň syýahatçylyk ýerlerine gezelenç

Ortaýer deňzi bilen Egeý deňziniň çatrygynda ýerleşýän Mugla welaýatynyň Bodrum, Fethiýe, Marmaris, Datça, Göçek, Ölüdeniz ýaly iň meşhur syýahatçylyk ýerlerini öz içine alýan sebitdiginibilýärsiňizmi?

Bodrum-Milas we Dalaman şäherlerinde ýerleşýän iki sany halkara howa menzili bilen bu sebit gök öwüsýän landşaftlary, gadymy şäherleri, ajaýyp artefaktlar, arassa howa, gadymy gowaklary bilen myhmanlary özüne çekýär. Geliň, Türkiýäniň iň uzyn kenar ýakasy we syýahatçylaryň iň meşhur tomus mekany bolan Mugla welaýatynyň käbir syýahatçylyk şypahanalary barada maglumat bereliň.

Bodrum, şübhesiz, Türkiýäniň ajaýyp kenar ýakasyndaky iň meşhur dynç alyş ýerlerinden biridir. Ajaýyp kenar ýakasynda ýerleşýän Bodrumyň altyn gumy we deňiz kenarlary gün we deňiz söýüjileri üçin amatly ýerdir.

Tebigy gözelligi, deňiz kenarlary, täsin gowaklary we haýran galdyryjy görnüşleri bilen Mugla welaýatynyň başga bir meşhur syýahatçylyk şypahanasy bolan Fethiýe tomusda meşhur ýerleriň biridir.

Tebigat gözelligi, gadymy taryhy, gök deňizleri we altyn çägeleri bilen tanalýan Marmaris syýahatçylara tomus dynç alşy üçin zerur mümkinçilikleri hödürleýär. Turunç we Içmeler ýaly ajaýyp kenarlary bilen tanalýan deňiz zolagyna her ýyl köp syýahatçy gelýär.

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi