SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň syýahatçylyk statistikasy

Ýanwar-awgust aýlarynda Türkiýä 7 million 255 müň 107 syýahatçy geldi. Syýahatçylaryň gelýän ýurtlarynyň arasynda Germaniýa 789 müň 602 adam bilen birinji ýeri eýeledi. Koronawirus pandemiýasynyň kadalaşmagy netijesinde, halkara uçuşlaryň açylan dessine iýun aýynyň ortalaryndan başlap, Türkiýäniň meşhur syýahatçylyk ýerlerine jahankeşdeler gelip başlady. Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden we serhetden giriş we çykyş statistikasyndan alnan maglumatlara görä, Türkiýä şu ýyl 7 million 255 müň 107 daşary ýurtly myhman geldi. Bu bolsa geçen ýylyň 8 aýy bilen deňeşdireniňde 76,6 göterim azdyr. Ýanwar-awgust aýlary aralygynda daşary ýurtda ýaşaýan 2 million 16 müň 553 türk raýaty Watanyna dolandy. Netijede, şu ýylyň 8 aýynda jemi 9 million 271 müň 660 adam Türkiýä geldi.

Syýahatçylaryň köpüsi awgust aýynda geldi

Ýylyň 8 aýynda iň köp myhman 789 müň 602 adam bilen Germaniýadan geldi, Russiýa Federasiýasy 772 müň 686 adam bilen ikinji, Bolgariýa 532 müň 417 adam bilen üçünji boldy. Bu ýurtlardan soň, 520 müň 833 adam bilen Ukraina, 465 müň 180 adam bilen Angliýa sanawyň dowamyny dowam edýär. Syýahatçylaryň iýun aýynda 214 müň 768-i, iýul aýynda 932 müň 927-si, awgust aýynda 1 million 814 müň 701-i geldi.

Nemes we rus syýahatçylarynyň köpüsi Antalýanyň kenarynda galmagy, iňlis syýahatçylarynyň aglabasy hem Bodrum, Marmaris we Aýdynyň Kuşadasy kenarlarynda galmagy saýladylar.

Awgust aýynda Türkiýede daşary ýurtly myhmanlaryň köpüsi, iň köp gelen welaýatlary Antalýa, Stambul we Mugla diýip hasap edildi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

66 ýaşynda 10-njy çagasyny dünýä inderdi

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär