SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi artdy

Türkiýe 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda syýahatçylyk girdejileriniň artandygyny belläp geçdi. 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Türkiýe Respublikasy takmynan 26 million 389 müň syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1% köpdür. Syýahatçylyk girdejileri 25,8 milliard ABŞ dollaryna ýetip, 7,6% ýokarlandy.

Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) berýän maglumatyna görä, 2024-nji ýylda Türkiýe döwleti dünýäde syýahatçy kabul etmek boýunça dördünji uly bazar boldy.

Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň bellemegine görä, daşary ýurtly myhmanlar ýurtda ortaça 10 gije galdylar we adam başyna gündelik 106 dollar sarp etdiler — bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8% köp.

«Geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, Türkiýe döwleti syýahatçylyk pudagynda durnukly ösüşini dowam etdirýär. Ugruň we bazarlaryň dürlüligine gönükdirilen strategiýamyz oňyn netijeler berýär» diýip, ministr Stambulda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Syýahatçylaryň sany boýunça öňdäki ýurtlar — Russiýa (2,61 mln adam), Germaniýa (2,42 mln) we Beýik Britaniýa (1,75 mln). Amerikadan, Merkezi Aziýadan we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden hem syýahatçylyk akymynyň artandygy bellendi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär