JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistana gelýär

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin şu ýylyň 13-14-nji dekabrynda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana geler. Şol bir wagtda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem Türkmenistanda saparda bolar.

3 ýurduň döwlet Baştutanlary Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşarlar. Sammitde söwda, energetika we ulag ulgamlarynda üç doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammitiň çäklerinde degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga itergi berjek birnäçe ylalaşyklara gol çekiler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sammitiň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri