MEDENIÝET

Türkiýäniň iň zamanabap jübüti…

Türkiýäniň «Show TV» teleýaýlymynda berilýän «Ikinji sahypa» gepleşigi tarapyndan ýaýlymyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda ýurduň iň döwrebap jübütlerini saýlamak boýunça ses berlişik geçirildi.

Bu gezekki ses berlişik onlaýn usulda geçirilmedi. Ýaýlymyň žurnalistleri Stambul, Izmir, Ankara we Bursa şäherleriniň köçelerine çykyp, 18 ― 65 ýaş aralygyndaky adamlardan birme-bir sorap çykdylar. Şunda köçedäki adamlara belli bir jübütleriň ady aýdylmady. Haýsy jübüti saýlamak erki olaryň özüne goýuldy. Esasy bildirilen talap bolsa, agzalýan jübütiň tutuş ýurtda giňden tanalýan bolmagydyr.

Geçirilen sowalnamada iň köp sesi Fahriýe Ewjen ― Burak Özçiwit jübüti aldy. Olar «Show TV» tarapyndan ozal geçirilen ses berlişikde hem birinji orny eýeläpdiler. Eger ozalky ses berlişikde Kywanç Tatlytug ýanýoldaşy bilen ikinji orny eýelän bolsa, bu gezek olaryň ornuny Kerem Bürsin bilen Handa Erçel eýeledi. Muşdaklar bu sanawyň üçünji basgançagynda Neslihan Atagül bilen Kadir Dogulyny görmek islediler.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tennisin-sasy-tokio-olimpiya-oyunlaryna-gatnasmayar/

Ýene-de okaň

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri