Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanda iş saparynda bolup, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyna gatnaşdy.
Maslahat gatnaşmak üçin Aşgabada gelen dostlukly ýurduň energetika ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşygy boldy we duşuşykda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.
“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan duşuşygyna Türkmenistanyň döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Türkiýe Respublikasynyň ministri hem öz gezeginde Aşgabatdaky möhüm maslahat gatnaşýandygy uly buýsanç bilen belläp, myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna öz hoşallygyny bildirdi.
Duşuşykda soňra “Ata Watan Media” topary bilen bir hatarda habarçylara beýanat beren Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň goldawy bilen ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi.
Iki ýurduň arasyndaky tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda anyk ädimleriň ädilendigini bellän Türkiýäniň ministri 1.5 million hojalygyň tebigy gaz üpjünçiligi üçin tebigy gaz akymynyň başlandygyny belläp geçdi.
– Bu saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, tebigy gazyň iberilýän möçberlerini artdyrmak, diňe Türkiýä däl, eýsem başga ýurtlara hem türkmen gazyny ibermek boýunça pikir alyşdyk. Şu ýylyň dowamynda bu taslamalar boýunça hem anyk netijelere gazanarys. Hususan-da, Türkiýä barýan gazyň möçberiniň artdyrylmagy, ýylyň ahyryna çenli 1.3 milliard kubmetr tebigy gazyň has ýokary mukdara ýetirilmegi, şertnamamyzyň möhletiniň uzadylmagy babatda ylalaşyk gazandyk.
Hemişe belläp geçişim ýaly, Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä Hazar deňziniň üsti bilen ibermek boýunça taslama bar. Bu ugurda hem gepleşiklerimiz dowam etdiriler.
Şeýle hem Türkmenistanda uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilmegi babatda hem hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýäris. Türkiýe Petrolleri kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de “Galkynyş” gaz käninde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça meýilnamalary bar – diýip, türk ministri belledi.