DÜNÝÄ

Türkiýäniň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa sapary

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda boljakdygy mälim edildi. Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasyndaky maglumata görä, türk ministri 5-10-njy mart aralygynda Türkmenistanda,  Özbegistanda we Gyrgyz Respublikasynda saparda bolar.

Bu barada berlen beýanatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Ministr Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýewiň çakylygy boýunça 5-10-njy martda Türkmenistanda, Özbegistanda we Gyrgyz Respublikasynda saparda bolar.

Türk ministri saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japawor tarapyndan kabul ediler. Şeýle hem ministr Çawuşogly Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Ulukbek Maripow, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Serdar Umurzakow bilen duşuşyp, Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky  Bilelikdäki strategiki meýilleşdiriş toparynyň ikinji hem-de Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky  Bilelikdäki strategiki meýilleşdiriş toparynyň bäşinji mejlislerine gatnaşar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkiýäniň Özbegistanyň Samarkant şäherindäki Baş konsullygynyň binasynyň resmi taýdan açylyş dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Saparlar mynasybetli geçiriljek duşuşyklara döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak hem-de sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynda saparda bolupdy. Şonda ikitaraplaýyn türkmen-türk geňeşmeleri geçirilip, “Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan” üçtaraplaýyn diýalogyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 5-nji mejlisi hem gurnalypdy.

 

 

Ankarada ýene bir gündogar alymyna heýkel dikildi

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri