DÜNÝÄ

Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistanda

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistana geldi. Bu barada türk metbugatynda habar berilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly,  Türkiýäniň ministri 5-10-njy mart aralygynda Türkmenistanda,  Özbegistanda we Gyrgyz Respublikasynda saparda bolýar. Türk ministri biziň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndna kabul ediler. Bu duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkiýäniň ministri Mewlüt Çawuşoglu özüniň resmi “Twitter” sahypasynda Merkezi Aziýa saparyny doganlyk Türkmenistandan başlaýandygyny belläp geçipdir.

Türk ministri Türkmenistandaky saparyny tamamlap, Özbegistana we Gyrgyz Respublikasyna saparyny dowam etdirer.

 

 

Türkiýäniň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa sapary

Ýene-de okaň

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk