BIZNES

Türkiýä tebigy gazyň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

Türkiýe Respublikasy gündelik çykarylýan tebigy gazyň möçberini 40 million kub metre ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary Ahmet Berat Çonkar Bakuwda geçirilen Energetika forumynyň çägindäki plenar mejlisde belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, energetika howpsuzlygyny hiç bir ýurt özbaşdak üpjün edip bilmeýär. Muny diňe yzygiderli hyzmatdaşlygyň üsti bilen amala aşyrmak bolar. Türkiýäniň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşmegi oňa energetika babatda söwda merkezine öwrülmäge mümkinçilik berýär. Türkiýe Respublikasy energetika infrastrukturasy üçin uly maýa goýumlary amala aşyrýar.

Ol Türkiýäniň energetika howpsuzlygyny milli strategiýasynyň esasy ugry hökmünde kesgitländigini nygtady.

“Türkiýe 2053-nji ýyla çenli zyňyndylary 0% derejä ýetirmegi öz üstüne aldy. 2035-nji ýyla çenli täzelenýän energiýa önümçiligini 30 gigawattdan 120 gigawatta çenli artdyrmagy meýilleşdirýäris. Bu maksada ýetmek üçin 120 milliard dollar maýa goýum gerek.” diýip, ministriň orunbasary belledi.

Çonkar häzirki wagtda Türkiýäniň günlük 9,5 million kub metr gaz öndürýändigini belläp geçdi:
“‘Osman Gazi’ ýatagynda günde 11 million kub metr gaz çykarylmagy meýilleşdirilýär. Türkiýäniň maksady – gündelik gaz önümçiligini 40 million kub metre ýetirmek. Bu ýerde ‘Sakarya’ gaz ýatagy aýratyn möhüm rol oýnaýar.”

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Türkmen-horwat işewürlik forumy geçiriler

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar