Tomus möwsüminiň gelmegi bilen ýurdumyzyň syýahatçylyk zolaklary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň syýahat merkezlerine gitmek isleýänleriň, bu ulgamda meýilnamalaryny taýarlaýanlaryň sany artýar. Şonda, Türkiýe, BAE ýaly ýurtlar syýahatçylykda öňe çykýan ýurtlardyr. Türkiýä syýahata gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary eger-de ol ýurtda wagtlaýyn ýaşamak ýa-da işlemek boýunça resminasy ýok bolsa, onda “syýahatçylyk wizasyny” almalydyr. Biz syýahatçylyk we beýleki wiza görnüşleri barada, şeýle hem bu wizalary almak üçin gerekli resminamalary öň birnäçe gezek saýtymyza ýerleşdirendigimize garamazdan köp sanly syýahata gitmek isleýän okyjylarymyzyň haýyşyny hasaba alyp, “Türkiýe syýahatçylyk wizasy üçin gerekli resminamalaryň sanawyny” gaýtadan Size ýetirýäris. Gyzykly, peýdaly we ýakymly ýatlamalardan doly syýahat geçirmegiňizi arzuw edýäris.
ZERUR BOLAN RESMINAMALARYŇ SANAWY:
- Türkiýä giren gününden başlap azyndan 6 aý möhleti bolan daşary ýurt pasporty (zagran) we nusgasy
- Pasport nusgalary (içerki pasportyň 1,3,5,9 ve 32-nji sahypalary)
- Bar bolsa öň alynan Türkiýe, Şengen, Angliýa, ABŞ wiza fotokopiýalary
- Türkmenistan raýatlary daşyndaky, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary üçin Türkmenistanda ýaşamak üçin rugsatnamasy (oturum belgesi)
- 2 sany biometriki surat 5×6 (arkasy ak fon, azyndan soňky 6 aýyň içinde düşülen bolmaly)
- Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 kepilnamasy (Bu biziň ofisimizde ediler. Daşarda edilen ätiýaçlandyryşlar kabul edilmeýär.)
- Ýüz tutyjynyň ady ýazylan Myhmanhana brony ýa-da ýaşaýyş maglumatlary
- Bar bolsa, soňky 3 aýda bank hasaby barada hasabat (gol we möhürli)
- Eger işleýän bolsa; Iş ýerinden wezipesi, aýyk haklary we iş möhleti görkezilen ýazmaça gol we möhürli asyl tassyklama haty we türk dilindäki terjimesi
- Ýüz tutyjy iş beriji bolsa, kompaniýanyň eýesidigini görkezýän resminama
- Ýüz tutyjy pensiýa çykan bolsa, pensiýa çykandygyny tassyklaýan resminama we türk dilindäki terjimesi
- Ýüz tutyjy talyp bolsa, talypdygyny subut edýän talyp şahadatnamasy
- Ýüz tutyjy işlemeýän halatynda hemaýatkäriň şertnamasy (notarius tarpyndan taýýarlanan) we girdejisini görkezýän resminama (Ikisiniň hem türk diline terjimeleri)
- Resminamalary tabşyrýan kişi 18 ýaşdan kiçi bolsa ejesinden hem-de kakasyndan notarius tarapyndan tassyklanan razylyk haty we türkçe terjimesi (aýrylşylan ýagdaýynda-da eje-kakanyň ikisinden hem notarus tarapyndan tassyklanan razylyk haty alynmaly)
- Dogluş hakyndaky şahadatnamasy
- Öýlenen(durmuşa çykan) bolsa nika şahadatnamasy
- Goşmaça resminamalar; Bar bolsa, Türkmenistanda ýaşaýyş jaý kepilnamasy, Türkiýeden ýaşaýyş jaý kepilnamasy, bank hasabaty, gutardyş şahadatnamasy, ulag ygtyýarnamasy, bar bolsa, öňki TR ýaşaýyş rugsatnamasy (ikamet belgesi)
- Razylyk haty
Bellik: Wiza, Türkiýeden arzaňyz tassyklanandan soň berlip bilner. Seljerme wagtynyň takmynan bir aý alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Berlen resminamalar täze möhletli we hemmesi doly bolmaly. Türk wizasy üçin ýüz tutanyňyzda tabşyrylan resminama ýetmezligi, wiza prosedurasynyň ret edilmegine sebäp bolup biler. Türkiýäniň ilçihanasy / konsullygy, zerur bolsa arza berijiden goşmaça resmi namalary talap eder.
Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza çykjagyny kepillendirmeýär. Tölegiň yzyna gaýtarylmagy hiç hili ýagdaýda mümkin däl. Ähli blankalar we resminamalar her bir adam üçin (maşgala agzalary ýa-da islendik başga topary) aýratyn taýýarlanylmaly we tabşyrylmaly.
MAHABAT
Türkiýä wiza üçin resminamalaryň terjimesinde “Makul Hyzmat” Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!
Telefon belgileri:
+993 63 78 96 73 / +993 12 96 48 55
e-poçta salgysy : makulhyzmat@gmail.com
Web: www.makulhyzmat.com
Poçta salgysy: Aşgabat şäheri Ankara köçesi (Aýtakow-Ýubileýni) A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 401