SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýä 42 million syýahatçy bardy

Tür­ki­ýä­niň Me­de­ni­ýet we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi ýur­da ge­len jahankeşdeler ba­ra­da mag­lu­mat ýaý­rat­dy. Ge­çen aý bu ýur­da ba­ran myh­man­la­ryň sa­ny ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 44,6 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup, 2,5 mil­li­on­dan ge­çip­dir. Bu gör­ke­zi­ji pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky, ýag­ny 2019-njy ýy­lyň no­ýab­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 16,5 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr.

Ýy­lyň 11 aýyn­da bol­sa sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 42 mil­li­on­dan ge­çip­dir. No­ýabr aýyn­da iň köp sy­ýa­hat­çy Rus­si­ýa (12,25 gö­te­rim), Bol­ga­ri­ýa (9,12 gö­te­rim), Ger­ma­ni­ýa (8,13 gö­te­rim) ýurt­la­ryn­dan ge­lip­dir. Goň­şy Eý­ran we Gri­zu­ýa hem de­giş­li­lik­de il­kin­ji bäş­li­ge gi­rip­dir.
Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ha­sap­la­nan­da bol­sa, ýur­da iň köp sy­ýa­hat­çy Ger­ma­ni­ýa (13 gö­te­rim), Rus­si­ýa (11,73 gö­te­rim), Ang­li­ýa (7,83 gö­te­rim) ýurt­la­ryn­dan ge­lip­dir.
Ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry şu ýy­lyň do­wa­myn­da 51,5 mil­li­on, gel­jek 60 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­nyň gel­me­gi­ne ga­raş­ýar­lar.

Ýene-de okaň

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy