DÜNÝÄ

“Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň geçirilen duşuşygy

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň geçirilen duşuşygy şanly waka — täze Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlandy.

Baýramçylyk forumyna 2019-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen düýbi tutulan “akylly” şäheriň açylyş dabarasynda bolan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary bar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Arkadag şäheriniň açylan badyna onuň türki dünýäniň wekilleriniň duşuşýan ýerine öwrülendigine ünsi çekip, bu şäheriň uly üstünligiň nyşanydygyny we “asyryň şäheri” diýlip atlandyrylmaga mynasypdygyny belledi. Şu günler TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze sahypany açmak, guramanyň agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürip, XXI asyrda yz galdyrmak babatda biziň üstümize taryhy jogapkärçilik ýüklenýär diýip, Sultan Raýew aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Türki dünýäniň medeni paýtagty” derejesiniň indiki ýylda Änew şäherine geçýändigini belläp, türkmen döwleti hem-de onuň baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan halky barada ýakymly sözleri aýdyp, ähli derejelerde, şol sanda ýokary derejede emele gelen gatnaşyklaryň hakyky dostluk, ynanyşmak häsiýetine eýedigine aýratyn üns berdiler.

Duşuşykda şeýle wakalaryň TÜRKSOÝ-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Munuň özi baý türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär