SPORT

Türki dilli döwletleriň ilkinji küşt çempionaty üstünlikli tamamlandy

13-nji dekabrda Türkiýede Türki Döwletleriň Guramasynyň hemaýat bermeginde türki dilli ýurtlaryň taryhynda ilkinji küşt çempionaty tamamlandy. Ýaryşlar Gaziantep şäherinde geçirilip, sebitiň öňdebaryjy küştçilerini bir ýere jemledi.

Çempionat 16 ýaşa çenli ýaş toparlary üçin guraldy, bu bolsa çagalar we ýetginjekleriň arasynda küşt oýnuny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Çempionata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary, şeýle hem Türkiýeden üç topar – Türkiýe 1, Türkiýe 2 we Türkiýe – Gaziantep toparlary gatnaşdy. Bu ýaryş türki dilli ýurtlaryň arasyndaky sport we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly ähmiýetli meýdança öwrüldi.

Çempionatyň netijeleri boýunça birinji orny Azerbaýjanyň ýygyndysy eýeledi, ikinji orny (goşmaça görkezijiler boýunça) Özbegistanyň topary, üçünji orny bolsa Türkiýe 1 topary aldy. Türkmenistanyň ýygyndysy bäşinji orunda tamamlandy. Türkmen küştçileri Gurbanmyrat Rüstemow we Mähri Agamyradowa toparyň çykyşyna uly goşant goşdular. Ýaryşyň netijesinde Gurbanmyrat Rüstemow özüniň halkara reýtingini 73.6 bal ýokarlandyrdy.

Çempionatyň çäklerinde, şeýle hem, türki dilli ýurtlaryň küşt federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda Türki döwletleriň küşt assosiasiýasyny döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki ýaryşlary guramak we sebitde küşti ösdürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi