JEMGYÝET

Türk ministri: Türkmenistanyň gazynyň dünýädäki ähmiýete uludyr

Mälim bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.

Bu sammitiň işine gatnaşmak üçin Türkiýäniň we Azerbaýjanyň metbugat wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistandaky akkreditirlenen habarçylar hem gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan sammitinde energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtlandyrmak gün tertibiniň esasy wakasy boldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä we onuň üsti bilen dünýä bazaryna çykarylmagy babatda özara pikir alyşmalar geçirildi.

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen türk we azerbaýjan metbugaty söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşlige Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň topary hem gatnaşdy.

Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna türkmen tebigy gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy hem-de energetike ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada sowal bilen ýüzlenildi.

Ministr bu sowal şeýle jogap berdi.

– Azerbaýjanyň gazy Türkiýä gelýär. Bu gazyň möçberiniň bir bölegi Ýewropa iberilýär, ýene-de bir bölegi bolsa Türkiýede sarp edilýär. Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä eltilmegi üçin ilki bilen Azerbaýjana ibermegini gazanmak zerurdyr. Munuň üçin nähili ädimler ätmek bolar?

Soňra energetika hyzmatdaşlygy 3 ýurduň bähbidine bolmalydyr. Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýe eltilmegi, onuň näçe mçöberiniň Türkiýede sarp edilmegi, näçe möçbeirniň bolsa, Ýewropa bazaryna iberilmegi babatda gepleşikler geçirmeli. Şol bir wagtda bu taslamanyň maýa goýumy, Hazar deňziniň aşagyndan turba geçirijini çekmek ýaly ugurlarda degişli işler alyp barmak zerurdyr.

Şonuň üçin daşary işler ministrleriniň we energetika ministrleriniň duşuşyklary bu mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanlarynyň sammitinde bolsa, bu ugurda degişli iş toparyny döretmek barada ylalaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär