SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türk howa ýollarynyň” Aşgabat şahamçasy täze salgyda hyzmat berer

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabat şahamçasy täze salgydan hyzmat berer. Kompaniýanyň şahamçasyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna habar berilişine görä, Türk howa ýollarynyň täze salgyys  G.Kuliýew  köçesiniň  (Mir-Obyezdnoy) 39 binasynda (‘Ussat’ binasynda) ýerleşýär.

Öň habar berişimiz ýaly,  2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, türk awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça 4 gatnaw, Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça 2 gatnaw amala aşyrar. Stambul-Aşgabat ugry boýunça duşenbe, çarşenbe,  anna we şenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar. Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça bolsa  sişenbe we penşenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar.

Umumylykda, bu kompaniýanyň Türkmenistan ugry boýunça hepdelik gatnawlarynyň sany 6-a deň bolar.

Bu uçuş rejesiniň meýilnamasy 2022-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan 2023-nji ýylyň 25-nji marty aralygyndaky döwür üçin kesgitlenendir.

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine  we yzyna uçuşlarynda daşary ýurt raýatlaryndan  PZR test barlagyny talap edýändigini ýatlatmak isleýäris.

THY: Türkmenistan ugry boýunça gatnawlarynyň sany artýar, biletler arzanlaýar

Türkiýe gitmek üçin wiza düzgüniniň girizilen döwründen bäri Türkmenistan raýatlarynyň ýüzlerçesi gelmek isleýän maksatlaryna laýyk wiza alyp Türkiýä gelip gidýärler.

Wiza almak we bular bilen baglanşykly gas giňişleýin maglumatlary saýtymyzdan we You Tube kanalymyzdan tapyp bilersiňiz. Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, Rysgal bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän Makul Hyzmat Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigňizi ýatlatmak isleýäris. 

Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler