SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türk Howa Ýollary : Aşgabat uçar gatnawlary barada

Soňky döwürde Türkiýeden Türkmenistana uçar gatnawlarynyň haçan başlanjakdygy baradaky sowallar bize gönüden-göni ýa-da sosial torlar arkaly iň köp soralýan sowallar bolup durýar. Bu babatda sosial torda dürli beýanatlaryň berilmegi bilen baglanyşykly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com ” saýty hökmünde birnäçe habar taýýarlap,  çap etdik.

Mundan ozal çap eden habarlarymyzy şu aşakdaky linklerden okap bilersiňiz. Türkiýäniň THY kompaniýasynyň resmi internet sahypasynda Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň iň gysga wagtda başlanjakdygy köp adamy begendirdi. Şol maglumatlara laýyklykda, Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň 22-nji iýuldan başlap, hepdede 3 gezek, 5-nji awgustdan başlap bolsa hepdede 5 gezek amala aşyryljakdygy mälim edilipdi.

THY-niň resmi saýtynda “Iň soňky gezek täzelenen görnüş: 13.07.2020 12:00 (GMT+2)” diýlip görkezilipdir we şu habary taýýarlan wagtymyz Aşgabat gatnawlary baradaky habar saýtda ýerleşdirilendir.

THY-niň saýtyndan şu habaryň bardygyny görüp, baş redaktorymyz Dr.Döwran Orazgylyjow özüniň şahsy “@turkmenlawyerDr” jemgyýetçilik tory hasabyndan THY-niň “@TK_HelpDesk Twitter” hasabyna bu barada maglumat sorap ýüz tutdy we şol maglumatlaryň Türkmenistan tarapy bilen ylalaşylan maglumat bolup-bolmandygy soraldy.

THY-niň hasabyndan sowalymyza jogap geldi.  Şol jogapda: “Salam, häzirki döwürde alynýan kararlar çalt üýtgedilýär. Täzelenýän maglumatlar şol bir wagtda internet sahypamyz arkaly mälim edilýär. Şonuň üçin iň täze maglumatlary almak babatda internet sahypamyza yzygiderli seredip durmagyňyzy haýyş edýäris” diýlip, bellenilip geçilipdir.

Habary Türk dilinde okamak üçin :

THY’den Aşkabat uçuşları ile ilgili açıklama

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar