SPORT

Türk futbolçydan çagalara goldaw

Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynyň futbolçysy Umut Naýir doglan gününde geljek sowgatlaryna derek, düwnük keseli bilen kesellän çagalara haýyr-sahawat işini ýerine ýetirmek isleýär. 28-nji iýunda 27 ýaşyny doldurýan türgeniň edýän bu ähmiýetli işi hemmeler tarapyndan uly goldawa mynasyp boldy. Umut Naýir ýerine ýetirjek işi barada jemgyýetçilik torunda şeýle diýýär.

  • Bu ýylda men hiçkimden hiç bir sowgat ýa-da gutlag islämok. Emma biziň hemmämiz saglygyň ählimiz üçin zerurdygyny düşünýändigimizi göz öňüne tutup, bir haýyrly işi ýerine ýetirmegi isleýärin. «Gowlyk paýlaş» atly jemgyýetçilik haýyr-sahawat guramasynda ýörite «düwnük keselsiz ýaşamak» atly bir gurnak açdym. Çünki meniň esasy maksadym düwnük keseli bilen kesellän hassa çagalara howandar bolmakdan ybaratdyr — diýip, aýdýar.

Umut Naýiriň mundan başga-da Juan Matanyň başlangyjy esasynda mätäç adamlara ýardam etmek maksady bilen açylan «Common Goal» gurnagyna aýlygynyň 1%-ni geçirýändigini hem aýratyn bellemegimiz gerek.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi