Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda «Semijenk» ady bilen tanalýan ýaş türk estrada ýyldyzy Jenk Başyň konserti boldy. Ol Täze ýyl mynasybetli daşary ýurtly meşhur sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan konsertleriň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Jenk Başyň türkmen sahnasynda ýerine ýetiren aýdymlary ýakymlylygy we täzeçil owazy bilen diňleýjileri turuwbaşdan özüne maýyl etdi. «Düşer aklıma», «Al Sevgilim», «Yana Yana» we «Herkes Gibisin» ýaly aýdymlarda ýaşlygyň duýguly dünýäsi şöhlelenýär. Tomaşaçylar «Sen kaldın», «Geçiyor zaman» we «Unutmak öyle kolay my sandyn» aýdymlaryny hem gyzgyn gaşyladylar. «Mesafe», «Dayan», «Kalpsiz» we «Pişman Degilim» ýaly aýdymlar bolsa ýatlamalara bagyşlanýar. Umuman, türk estrada aýdymçysynyň ýerine ýetiren aýdymlary täzeçilligi we söýgä ýugrulandygy bilen tapawutlandy.
Jenk Baş täze ýylyň öň ýanynda Aşgabatda baýramçylyk konserti bilen çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. «Ata Watanymyzda — Türkmenistanda çykyş etmek örän ýakymly. Ajaýyp bezelen sahnada türkmen diňleýjileriniň öňünde çykyş etmek uly hormatdyr. Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, türkmen paýtagtynyň ajaýyp gözelligi, tomaşaçylaryň şowhuny bu ýerde ýene konsert bilen çykyş etmäge höweslendirýär» diýip, türk estrada ýyldyzy söhbetdeşlikde aýtdy.
Daşary ýurtlaryň meşhur aýdym-saz ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri her täze ýylyň bosagasyndaky günlere mahsus ýagdaýdyr. Munuň özi halkymyzyň toý ruhubelentligini has-da belende göterip, täze ýyla uly joşgun we ynam bilen gadam basmaga itergi berýär. 30-njy dekabrda bolsa paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylarynyň şowhunly konsertiniň garaşýandygyny bellemek gerek.
