JEMGYÝET

Türk aýdymçy Gülşeniň konserti şowhunly boldy

 

Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramy mynasybetli türkiýe meşhur estrada aýdymçysy Gülşen Baýraktaryň konserti baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi. Ady agzalan sungat ussady muşdaklaryň gyzgyn söýgüsini gazanandygyny nygtamak gerek. Sahnanyň Täze ýyl ruhundaky bezegleri, köpöwüşginli yşyklaryň sazlaşygy baýramçylyk konsertine üýtgeşik öwüşgin çaýdy.

Şu gezekki konsertiň dowamynda ol birnäçe täze aýdymlary bilen birlikde, ony halkara derejede uly abraýa eýe eden aýdymlaryny-da aýtdy. Müňlerçe tomaşaçy onuň käbir aýdymlaryny diýen ýaly özi bilen bilelikde ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 23-28-nji dekabr aralygynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda uly şowhunly konsert maksatnamalary guraldy.

23-nji dekabrda Täze ýyl konsert agşamlary eýranly aýdymçy Emin Raseniň konserti bilen Täze ýylyň baýramçylyk konsertleri badalga aldy. Soňra 24-nji dekabrda özbek aýdymçy Osman Nowruzow, 25-nji dekabrda bolsa, belli türk aýdymçysy Murat Boz çykyş etdi.

26-njy dekabrda paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary üçin tunisli aýdymçy Amani Swissiniň konserti göz öňünde tutuldy.

27-nji dekabrda bolsa, Türkmenistanda doglan rus aýdymçy Arsen Şahunsyň konserti guraldy.

Daşary ýurtly meşhur aýdymçylaryň baýramçylyk konserti türkiýe meşhur estrada aýdymçysy Gülşen Baýraktaryň konserti bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri