MEDENIÝET

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dowam edýän konsert maksatnamalarynyň çäklerinde Tunis Respublikasynyň meşhur estrada ýyldyzy Amani Swissi çykyş etdi. Ýurdumyzda ozal hem myhmançylykda bolan zehinli aýdymçy arap we türkmen dillerinde ýerine ýetiren çykyşlary bilen watandaşlarymyzyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi.

Konsertde «Ulumsy», «Nirede?», «Gorky», «Gözel gyz» ýaly arap aýdymlary bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň sözlerine döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdymy hem-de «Eý, daragym, batlan!» aýdymyny türkmen dilinde ýerine ýetirdim. «Eý, daragym, batlan!» aýdymyny Türkmenistana birinji gezek gelenimde-de aýdypdym.

Bu eserler meniň türkmen aýdym-saz sungatyna has içgin düşünmegime ýardam etdi. Türkmen milli lybaslarynyň nepisligi, owadan nagyşlary doganlyk halkyň keşdeçilik sungatynyň örän ýokary derejede ösendigini, türkmen zenanlarynyň gözellige çuňňur düşünýändigini şöhlelendirýär. Şu günki dabarada biziň sazandalarymyz hem milli lybaslarda çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi