2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Maslahata Hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, ýaşulular, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly döwlet edaralarynyň işgärleri, ýurdumyzyň etrapdyr obalarynyň zähmetkeşleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we KHBS-niň wekilleri, paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Dabaraly ýagdaýda geçirilen mejlisiň barşynda ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny we döwlet dolandyrylyşyny ähliumumy demokratik ýörelgelerden, şeýle-de türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryndan ugur alyp kämilleşdirmek babatdaky meseleleriň giň göwrümine seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň şu ýylky oňyn durmuş-ykdysady ösüş tizligini belledi, milli syýasatymyzyň ileri tutýan ugurlary, şol sanda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we maliýe mehanizmleri kämilleşdirmek barada aýtdy, şeýle hem döwlet we kanun çykaryjy häkimiýet edaralarynyň işinde özgertmeleri kabul etmegiň wajyplygy hakynda belläp geçdi. Şunlukda iki palataly parlament ulgamyna geçmek başlangyjy barada aýdyldy.
Döwlet baştutany ýurt Garaşsyzlygyny gazananyndan soň Türkmenistanyň 28 ýylyň içinde ýeten sepgitlerine aýratyn ünsi çekdi. Bu işe zähmetsöýer türkmen halkynyň goşan möhüm goşandy barada bellenip geçildi.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň daşary syýasy ugrunyň wajyp orny we halkara giňişligindäki Türkmenistanyň ýokary abraýy barada hem nygtady. BMG, ÝB, GDA we beýleki halkara guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk hakynda bellendi. Döwlet baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysady ösüşe, sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga gönükdirilen parahatçylyksöýüji syýasaty mundan beýläk hem durmuşa geçirjekdigini barada aýtdy.
Mejlisiň çäklerinde Watan öňünde tapawutlanan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyjylar ýokary sylaglara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Ataýewa Aksoltana, şeýle hem Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko “Altyn Aý” medalyny gowşurmak bilen “Türkmenistanyň Gahrymany” adyny dakdy.