JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Hytaýda türkmen raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy bilen sowal-jogap arkaly söhbetdeş boldy.

Hytaýly žurnalistiň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar nähili orny eýeleýär – diýen sowal boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle jogap berdi:

– Bu gatnaşyklar örän möhüm we kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär.

Bu işde medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi hem-de bu ugurda döwlet goldawynyň üpjün edilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu bolsa dürli görnüşde — özara Medeniýet günlerini we ýyllaryny geçirmekde, sungat ussatlarynyň saparlarynda, çykyşlarynda, festiwallary, maslahatlary guramakda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Hytaýda Türkmenistanyň we Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet merkezlerini açmak barada gepleşikler alnyp barylýar.

Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýratyn bellemek isleýärin. Häzirki döwürde Hytaýyň bilim ojaklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 10 müňden gowragy okaýar. Türkmenistanyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde, 10 sany orta mekdebinde hytaý dili öwrenilýär. Biz öz tarapymyzdan Hytaý Halk Respublikasynyň okuw mekdeplerinde türkmen diliniň öwrenilmegini guramakda ýardam bermäge, munuň üçin mugallymlary we hünärmenleri ibermäge taýýardyrys. Bu bolsa biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljegine maýa goýumlardyr, türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň aýdyň nyşanydyr.

Gündogar müçenamasy boýunça 2026-njy ýyl bedew ýylydyr. Biziň ýurdumyzda şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» şygary astynda geçýär. Men bu barada ýöne ýere aýtmaýaryn. Sebäbi atlar, behişdi bedewler türkmen we hytaý halklarynyň bilelikdäki taryhy mirasynyň nyşanlarynyň biridir. Baryp biziň zamanamyzdan ozalky II asyrda türkmen halkynyň Hytaýyň imperatoryna behişdi bedewleri — şöhratly ahalteke atlaryny sowgat berendigi mälimdir. Munuň özi möhüm dostlukly diplomatik we strategik wakadyr.

Atçylygyň hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugruna öwrülmegi üçin uly mümkinçilik bar. Hytaý atşynaslary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýarlar. Biziň döwlet Baştutanymyz bu assosiasiýanyň Prezidentidir. Biz hytaý atşynaslaryny şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek çärelere çagyrýarys.

Ýene-de okaň

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri