JEMGYÝET

Türkiyeli nakgaş-keramikaçysynyň sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde ýakynda gyzykly sergi geçiriler. 2018-nji ýylyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilmegi hem-de Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 95 ýyllygy mynasybetli türk nakgaş-keramikaçysy Ibrahym Kuşlunyň sergisi üstümizdäki aýyň 14-ne açylar. Serginiň açylyşy sagat 11:00 bolar. Dekabr aýynyň 17-sine çenli dowam etjek sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler. Sergä Türk Howa Ýollary hemaýatkärlik edýär.

Related posts

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär

Türkmenistanda Täze ýylyň ilkinji bäbegine “Parahat” diýlip at goýuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russia Halal Expo” sergisine aýlanyp gördi

Ata Watan Eserleri