SPORT

Transfer täzelikleri: Lewandowski ahyry “Barselona” geçýär

Häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebayrjy futbol çempionatlarynda täze möwsüme taýýarlyk görülýär. Toparlar özara ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýärler we bu döwürde şol bir wagtda toparlaryň düzümini güýçlendirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar.

LEWANDOWSKI “BARSELONA” GEÇÝÄR

Ispaniýanyň “Barselona” topary Ýewropanyň häzirki wagtda iň güýçli hüjümçileriniň biri hasaplanýan “Bawariýa” toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskini ahyry satyn almagy başardy.

Köp wagt dowam eden gepleşikleriň netijesinde, iki topar 45+5 million ýewro möçberinde özara ylalaşyga geldi. 33 ýaşly polýak hüjümçi “Barselona” bilen bir ýyl uzatmak şerti bilen 2025-nji ýyla çenli şertnama baglaşar.

Ol Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň futbolçylary tanyşdyrmak dabarasyna gatnaşmaýar we Barselona şäherine gider. Soňra ol täze topary bilen ABŞ-a gidip, şol ýerdäki ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşar.

Robert Lewandowski “Bawariýa” toparynyň düzüminde 8 möwsümiň dowamynda 344 gol geçirdi. Ol birnäçe gezek Germaniýanyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy we toparyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy Gerd Mulleriň rekordlaryny täzeledi.

ERIKSEN “MANCESTER ÝUNAÝTED” TOPARYNA GEÇDI

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary Kristian Erikseni transfer edendigini habar berdi. Erkin futbolçy bolan Kristian Eriksen bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşylandygy mälim edildi.

Geçen möwsümde “Brentford” toparynda oýnan daniýaly futbolçy şertnamasy gutarandan soň topardan gaýtdy.

Italiýa Futbol Federasiýasy Ýewropa futbol çempionatynda ýürek keselinden soň operasiýa edilen Erikseniň Italiýada futbol oýnap bilmejekdigini habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, Erikseniň Ýewropa çempionatynda geçirilen duşuşyklaryň birinde meýdançada belli bir wagtlyk ýüregi durup, janköýerleri we topardaş ýoldaşlaryny uly howsala goýupdy. Ýöne näme bolsa-da, ol täzeden dünýä gelip, köp sanly kynçylykly ýolary geçip, gaýtadan futbola dolandy.

Erikseniň Angliýanyň çempionatynda uly tejribesi bar. Ol ozal “Tottenhem” toparynda hem oýnapdy.

 

Russiýanyň futbol çempionaty badalga aldy

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy